31 Ýan
2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda boljak Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny guramaçylykly geçirmek, Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlawlara gatnaşmak hukuklaryny üpjün etmek üçin giň mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 26-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar karar kabul etdi.
Şol karara laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça öňünden ses bermek 2017-nji ýylyň 2-nji fewralyndan başlanýar. Öňünden ses bermek her gün sagat 08:00-dan 18:00-a çenli geçirilýär.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 73-nji maddasyna laýyklykda, saýlawlar güni öz ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek saýlawçy saýlaw uçastogynda öňünden ses bermäge hukuklydyr. Öňünden ses bermek saýlawlaryň geçiriljek gününe çenli on gün galandan başlap, saýlaw uçastoklarynda geçirilýär.
