news-img

28 Ýan

Dalaşgärleri hödürlemek çärelerine badalga berildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar ýakynda geçiren mejlisinde Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlary boýunça şu ýylyň 15-nji ýanwaryndan saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan etdi.

Saýlaw möwsümi – saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly birnäçe tapgyrlary öz içine alýar, şol tapgyrlaryň iň möhümleriniň biri hem dalaşgärleri hödürlemek işleridir.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasyna laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek hukugy saýlawlaryň bellenen gününe çenli bellige alnan syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlaryň toparlaryna degişlidir.

Dalaşgärleri hödürlemek saýlawlara altmyş gün galanda başlanýar we otuz gün galanda tamamlanýar.

Şeýlelikde, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça dalaşgärleri hödürlemek işleri 2026-njy ýylyň 28-nji ýanwary – 26-njy fewraly aralygynda geçiriler.

Elbetde, saýlaw hukukly raýatlaryň arasyndan mynasyp dalaşgärleriň hödürlenilmegi bolsa saýlawlaryň aýratyn ähmiýetli tarapydyr.