06 Ýan
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi.
Şeýlelik bilen, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren bu Kanun ýurdumyzyň saýlaw ulgamynda täze bir ösüşli gadamlaryň başlanandygyny äşgär edýär.
Ýylky ýylynyň dowamynda, tassyklanylan meýilnama laýyklykda, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny ýörediji toparlary hem-de Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawynyň maglumat goruny döretmek boýunça degişli işler tapgyrlaýyn tertipde amala aşyrylar.
