news-img

22 Ýan

Saýlaw möwsümi guramaçylykly dowam edýär

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk görmek we olary guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, saýlaw möwsümi guramaçylykly dowam edýär.

Saýlaw möwsüminiň şu ýylyň 15-nji ýanwaryndan yglan edilmegi bilen badalga alan saýlaw işleri Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda we tassyklanylan meýilnamanyň çäklerinde, demokratik şertlerde amala aşyrylýar. Şu günler saýlawlar boýunça degişli saýlaw okruglarynyň we uçastoklarynyň araçäkleri baradaky maglumatlary ilatyň dykgatyna ýetirmek, ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary tarapyndan saýlawlara syn etjek milli synçylary bellemek we saýlaw möwsümine dahylly beýleki işler bellenilen tertipde alnyp barylýar.

Munuň özi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň bahar paslynda geçiriljek möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ýurdumyzyň bedew batly syýasy ösüşünde wajyp ähmiýete eýe boljakdygyndan habar berýär.