24 Dek
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň başlygy Gulmyrat Myradow we BMGÖM-niň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň orunbasary Tomisa Paowiç hem-de beýleki degişli adamlar gatnaşdylar. Duşuşygy G.Myradow açyp, şu duşuşyga gelendikleri üçin BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekillerine öz hoşallygyny bildirdi.
G.Myradow Türkmenistanyň merkezi saýlaw topary bilen BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda hyzmat-daşlyk etmek barada gol çekilen «Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mümkinçiliklerini artdyrmakda ýardam etmek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin Taslama resminamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, halkara bilermenleri tarapyndan degişli okuw maslahat-larynyň guramaçylykly geçirilendigini, Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň wekilleriniň, we Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekiliniň Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde saparda bolandyklaryny, şeýle-de, Merkezi saýlawlary toparynyň internet-saýtyny (saylav.gov.tm) kämilleşdirmek boýunça uly işleriň geçirelendigini kanagatlanma bilen nygtady. Şeýle hem ol halkara bilermenleriniň alyp barmagynda geçirilen okuw maslahatlaryna saýlaw toparlarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň hem-de welaýatlardan hem wekilleriň gatnaşandygyny belledi.
Munuň özi geçirilen okuw maslahatlarynyň mundan beýläk-de, ýurdumyzda saýlawlary halkara ülňülerine laýyklykda, demokratik ýörelgeler esasynda geçirmekde oňyn ähmiýetiniň boljakdygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Soňra T.Paowiç 2024-2025-nji ýyllar üçin Taslama resminamasyndaky çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, BMGÖM we Türkmenistanyň merkezi saýlaw topary bilen bilelikde alyp barlan işleriň jemi barada aýdan sözleri üçin, Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysyna hoşallygyny bildirdi. Şu nukdaýnazardan, saýlaw ulgamynda ýola goýlan şunuň ýaly hyzmatdaşlygy geljek ýyllarda hem dowam etdirmegiň ähmiýetli boljakdygyny aýtdy.
Soňra, Taslama resminamasynyň amala aşyrylmagyna ýardam berýän programma menejeri L.Artykowa Taslama resminamasynyň meýilnamasyna laýyklykda amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.
G.Myradow duşuşygyň ahyrynda T.Paowiçe we myhmanlara duşuşyga gatnaşandyklary üçin ýene bir gezek öz hoşallygyny bildirdi we işlerinde üstünlik arzuw edip, duşuşygy jemledi.
