news-img

26 Ýan

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan Synçylar topary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gözegçiligi dowam edýärler

Prezident saýlawlaryna syn etmegiň çäklerinde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary – Ýerine ýetiriji sekretary W.Guminskiniň Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýew bilen duşuşygy boldy.

Duşuşykda saýlawlara görülýän taýýarlyk çäreleri, şeýle hem GDA-dan Synçylar toparynyň işini guramak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda W.Hajyýew ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň milli kanunçylygyň çäklerinde halkara synçylarynyň işine ýardam berjekdigini, demokratiýanyň ähli kadalaryny berjaý etmek bilen, saýlawlaryň açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçirilmegini üpjün etmegiň Türkmenistan üçin örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi.

Prezident wezipesine dalaşgär M.K.Annanepesowyň ynanylan wekilleri bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler hödürlenilende hem-de bellige alynanda kanunçylygyň berjaý edilmegi, şeýle hem badalga alan wagyz işleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň barşynda olar saýlaw möwsüminiň hereket edýän kanunçylygyň talaplaryna laýyklykda açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçýändigini aýtdylar.