news-img

10 Mart

Saýlaw uçastoklarynda arassaçylyk-keselleriň öňüni alyş çäreleri geçiriler

Saýlawlar güni saýlaw uçastoklarynda ses berlende saýlawçylaryň ýokanç kesellerden goraglylygyny üpjün etmek öňde durýan wajyp wezipeleriň biridir.

Şu maksat bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Prezident saýlawlaryny lukmançylyk hem-de arassaçylyk-keselleriň öňüni alyş taýdan ýokary derejede üpjün etmek baradaky» buýrugyna laýyklykda, saýlaw uçastoklarynda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň düzgünleri bellenildi.

Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň kabul eden tertiplerini hem-de jemgyýetçilik gigiýenasynyň kadalaryny berjaý etmek şerti bilen, saýlaw uçastoklarynda ýerine ýetirilmeli zyýansyzlandyryş işlerini we beýleki lukmançylyk hyzmatlaryny guramak, saýlawçylaryň saglyk goraglylygyny talabalaýyk üpjün etmek boýunça jogapkär edaralar hem-de wezipeli adamlar kesgitlenildi.