22 Few
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 28-nji martynda ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Şonuň bilen baglanyşykly, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, şu günler dalaşgärleri hödürlemek möwsümi guramaçylykly, işjeň ýagdaýda dowam edýär.
Geçirilýän mejlislerde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşylýar. Dalaşgärlige uly abraýdan peýdalanýan, tutanýerli zähmet çekýän, iş başarjaň, guramaçy adamlar hödürlenilýär. Hödürlenilýän dalaşgärleriň arasynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän tejribeli hünärmenleriň bardygy bellärliklidir.
Şeýlelikde, öňde boljak saýlawlara, ýagny Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek boýunça dowam edýän möwsüm türkmen döwletinde hem-de jemgyýetinde demokratik ýörelgeleriň yzygiderli giňeldilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň aýdyň subutnamasy bolar.
Şu güne çenli welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary tarapyndan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň 48 mandaty üçin 99 dalaşgär hödürlenildi. Olaryň 18-si Ahal welaýaty, 17-si Balkan welaýaty, 17-si Daşoguz welaýaty, 18-si Lebap welaýaty, 15-si Mary welaýaty hem-de 14-si Aşgabat şäheri boýunça hödürlenildi.
