news-img

05 Okt

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Karary

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryny bellemek hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini ýola goýmak bilen bagly guramaçylyk işlerini geçirmek hakynda

«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleri mundan beýläk-de çuň­laşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahaty ka­rar ed­ýär:

1. «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilmegi hem-de iki palataly parlament ulgamyna geçilmegi bilen bagly, Türkmenistanyň kanunlaryna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek işlerini 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli tamamlamaly.

2. Türkmenistanyň Milli Ge­ňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryny 2021-nji ýylyň mart aýynyň soň­ky ýekşenbesinde geçirmeli we şunuň bilen bagly degişli guramaçylyk işlerini geçirmeli.

3. Türkmenistanyň Milli Ge­ňeşiniň Halk Maslahatynyň işini ýola goýmak bilen bagly işleri alyp barmagy Türkmenistanyň Mejlisine tabşyrmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy      
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.