02 Mart
Ýurdumyzda käbir saýlaw okruglary boýunça möhletinden öň çykyp gidenleriň ýerine şu ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek saýlawlar boýunça dalaşgärleri hödürlemek möwsümi 2019-njy ýylyň 28-nji fewralynda tamamlandy.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasyna laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek işlerine Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Türkmenistanyň Agrar partiýasy, şeýle-de degişli saýlaw okruglarynyň çäginde ýaşaýan raýatlar toparlary gatnaşdylar. Saýlaw okruglarynyň 125-si boýunça mynasyp dalaşgärler hödürlenildi.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 48-nji maddasyna laýyklykda, degişli saýlaw toparlary tarapyndan dalaşgärleri bellige almak işleri 2019-njy ýylyň 5-nji martyna çenli dowam eder.
