news-img

22 Few

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen okuw maslahaty geçirildi

Ýurdumyzda şu ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen, 2019-njy ýylyň 22-nji fewralynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat öýi toplumynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen okuw maslahaty geçirildi.

Merkezi saýlaw toparynyň agzasynyň we edarasynyň hünärmenleriniň alyp barmagynda geçirilen okuw maslahatyna ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň jogapkär wekilleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine Saýlaw kodeksiniň düzgünleri, saýlaw çäreleriniň tassyklanylan meýilnamasy, saýlawlary açyklyk we aýanlyk, demokratik şertlerde geçirmek, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň habar kepilliklerini üpjün etmek, saýlaw möwsümi boýunça geçirilýän çäreler hakynda ilata öz wagtynda we yzygiderli habar bermek hakynda giňişleýin düşündirildi.

Mundan başga-da, okuw maslahatynyň dowamynda bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň guramaçylyk işleri barada sowal-jogaplar alşyldy.