news-img

25 Okt

Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri Merkezi saýlaw toparynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň “Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak” ugry boýunça okaýan diňleýjileri nazary okuwlarda alan bilimlerini önümçilik tejribesinde berkitmek maksady bilen, şu ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparynyň edarasyna geldiler. Diňleýjilere ýurdumyzda saýlawlary guramaçylykly geçirmekde Merkezi saýlaw toparynda  alnyp barylýan işler, saýlaw toparlarynyň wezipeleri, düzümi,  saýlaw ulgamy, halkara tejribeleri  barada Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň hünärmenleri tarapyndan giňişleýin düşünje berildi.   

Ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden  hünärlerini ýokarlandyrmaga gelen diňleýjileriň arasynda ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda dürli wezipelerde zähmet çekýän adamlaryň bardygyny bellemek ýerliklidir. Öňümçilik tejribesiniň dowamynda diňleýjiler saýlaw ulgamy, saýlaw kanunçylygy barada özlerini gyzyklandyrýan sowallara hem giňişleýin jogaplary aldylar.

H.Öwezow