01 Few
Şu gun Lebap welaýatynyň merkezinde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşygy boldy.
S.Seýdi adyndaky döwlet drama teatrynda geçirilen duşuşyga ýerli häkimiýet düzümleriň ýolbaşçylary, zähmetkeş toparlaryň, jemgyýetçilik guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.
Ilki bilen ynanylan wekile söz berildi. Ol ýygnananlary dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ýokary döwlet wezipesine dalaşgäri iş başarjaň ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi. Onuň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň düzümlerinde dürli wezipelerde işlän döwürlerinde toplan iş tejribesi bellenildi. S.Nurnepesow 2012-nji ýylyň fewralynda bu önümçilik birleşiginiň baş direktory bellenildi.
S.Nurnepesow eger-de ol Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlansa, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abadanlygynyň bähbidine saýlawyň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň ähli bölümlerini amala aşyrmak üçin gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyny belledi.
Şunlukda, milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny ösdürmek, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan ýurdumyzyň önümleriniň öndürilişini, ýurduň baý serişde mümkinçiliklerini we tebigy baýlyklaryny, şol sanda täze uly senagat kärhanalaryny gurmagyň hasabyna artdyrmak boýunça çäreleriň giň toplumyny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Hususan-da, Lebapda, Türkmenabadyň himiýa kärhanasynda kükürt kislotasyny öndürmek boýunça önümçilik kuwwaty bir ýylda 500 müň tonna önüme barabar bolan täze senagat düzüminiň gurluşygy dowam etdiriler.
Dalaşgär bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, durmuş üpjünçiligi pudaklaryny ösdürmäge mundan beýläk hem uly üns beriljekdigine ynandyrdy.
Bellenilişi ýaly, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk esasynda amala aşyrylýan häzirki daşary syýasy ugra laýyklykda, dünýäniň dürli döwletleri bilen, ilkinji nobatda bolsa goňşy döwletler bilen özara bähbitli dostlukly gatnaşyklary ösdürmek boýunça işler dowam etdiriler.
S.Nurnepesow öz saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň käbir gyzyklanma bildirilýän bölümleri barada ýygananlaryň sowallaryna anyk jogaplar berdi hem-de olary ýurdumyzyň mundan beýläk hem ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan ýaşamagy, Türkmenistanyň halkara derejesinde abraýynyň ösmegi üçin gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
