28 Ýan
2017-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgärler bilen duşuşyklary geçiriler.
Meretdurdy Gurbanow bilen duşuşyk Mary welaýatynyň M. Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda, Serdar Jelilow bilen duşuşyk Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher häkimliginde bolar. Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşyk Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp adyndaky Döwlet drama teatrynda, Durdygylyç Orazow bilen duşuşyk Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň Medeniýet öýünde geçiriler.
Duşuşyklar sagat 10:00-da başlanar.
