25 Ýan
Welaýatyň jemgyýetçiliginiň wekilleriniň, dürli guramalaryň we kärhanalaryň zähmetkeşleriniň, daýhanlaryň, ýaşlaryň gatnaşmagynda N.Andalyp adyndaky döwlet drama teatrynda ýokary döwlet wezipesine dalaşgär-Daşoguz welaýatynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary Meretdurdy Gurbanow bilen duşuşyk boldy.
Dalaşgäriň ynanylan wekiliniň çykyşynda M.Gurbanowyň ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda oba hojalyk toplumyny ösdürmek bilen baglanyşykly zähmet ýoly barada maglumat berildi. Ol dalaşgäriň ýokary zähmet we şahsy başarnyklaryny nygtady hem-de ony ýurdumyzyň we halkymyzyň bähbitlerine wepaly, ak ýürekli adam hökmünde häsiýetlendirdi.
M.Gurbanow ýygnananlara ýüzlenip, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär bolmak ýaly beýik derejä hödürländikleri üçin hoşallyk bildirdi hem-de Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin gujur-gaýratyny, bilimini hem-de tejribesini gaýgyrmajakdygyna, özüne bildirilen ynamy ödejekdigine ynandyrdy.
Dalaşgär öz maksatnamasynda döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň hukuk we demokratik esaslaryny pugtalandyrmagyň ileri tutulýan wezipedigini belledi. Kanun çykaryjy ulgamyň kämilleşdirilmegi, Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine gönükdirilen durmuş-ykdysady maksatnamalaryň we taslamalaryň amala aşyrylmagyna ýardam etjek täze kanunçylyk namalaryny işläp düzmek boýunça işler dowam etdiriler.
M.Gurbanow gyzykly söhbetdeşligiň dowamynda saýlawçylaryň sowallaryna jogap berdi. Sowallaryň aglabasy sebitiň we ýurdumyzyň mundan beýläk hem ösdürilmeginiň wajyp meselelerine degişli boldy. Hususan-da, ýygnananlary oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň geljegi, ilatyň, esasan-da ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligi, oba ilaty üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, Daşoguz welaýatynyň durmuş-ykdysady we medeni ösüşi boýunça anyk meýilnamalar gyzyklandyrdy.
Dalaşgär olary tolgundyrýan meseleleriň çözgüdini ilki bilen ähli pudaklary täzeçillik esasynda sazlaşykly ösdürmekde görýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, oba ýerlerinde işlemek üçin hünärmenleri taýýarlamak meselesine aýratyn üns berildi. Ýörite orta hünärment mekdepleriň, okuw we maglumat merkezleriniň ulgamyny giňeltmek, ýerlerde ýörite okuw sapaklaryny geçirmek köp meseläni çözer.
Obasenagat toplumyny özgertmek, has takygy, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, daýhanlary mineral dökün, suw, häzirkizaman tehnikasy bilen üpjün etmek, obalarda azyk önümlerini öndürýän şereketleri we kärhanalary döretmek, öndürijileri öz zähmetleriniň netijeleri boýunça höweslendirmek we beýlekiler ýygnananlaryň üns merkezinde boldy.
Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär üns berip diňländikleri üçin ýygnananlara hoşallyk bildirip, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň bähbidine döwlet maksatnamalaryny mundan beýläk hem durmuşa geçirmek boýunça ugry yzygiderli amala aşyrjakdygyna ýene bir gezek ynandyrdy.
