20 Ýan
Änew şäheriniň Medeniýet öýünde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Meretdurdy Gurbanow bilen duşuşygy geçirildi, oňa welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň zähmet toparlarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.
Dalaşgäriň ynanylan wekili ýygnananlary raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen M.Gurbanowyň zähmet terjimehaly, şahsy we işewür häsiýetleri bilen tanyşdyryp, ony päk ýürekli, jogapkär, başarjaň ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.
M.Gurbanow öz maksatnamasynyň döwletiň we jemgyýetiň hukuk we demokratik esaslaryny pugtalandyrmak, döwletimiziň halkara abraýynyň mundan beýläk-de artdyrylmagy, onuň parahatçylyk döredijilik derejesini, demokratik binýatlaryny berkitmek, ykdysadyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň abadançylygyny we durmuş derejesini ýokarlandyrmak, jemgyýetçilik durnuklylygyny hem-de hukuk tertibini pugtalandyrmak, milli jebisligi saklamak, ylmy, bilimi we türkmen halkynyň özboluşly medeniýetini ösdürmek bolup durýandygyny aýtdy.
Dalaşgär ýygnananlaryň sowallaryna jogap berdi. Saýlawçylar ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri, saglygy goraýyş, bilim, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek ulgamlarynda döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň barşy bilen gyzyklandylar.
