20 Ýan
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – Mejlisiň deputaty, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory Ramazan Durdyýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy geçirildi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkezinde geçirilen duşuşyga ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň zähmet toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen dalaşgäriň şahsy we işewür häsiýetleri bilen tanyşdyryldy. R. Durdyýewiň ynanylan wekili dalaşgäri ýokary hünärli hünärmen, uly abraýdan peýdalanýan ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.
R.Durdyýew çykyş edip, ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady we tebigy kuwwatyny, türkmen halkynyň häzirki we geljekki nesilleriniň bähbidine durmuşa geçirmäge ýardam berjek wezipeleriň birnäçesini kesgitledi.Uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak, ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerini kämilleşdirmek bellenilýär. Şeýle hem nebithimiýa pudagynyň ösdürilmegi, türkmen “mawy ýangyjyny” we elektrik energiýasyny daşary bazarlara çykarmagyň ugurlary diwersifikasiýalaşdyrylar.
Mekdepleri we çagalar baglaryny, ýokary okuw mekdeplerini, hassahanalary, şypahana-sagaldyş merkezlerini hem-de beýleki durmuş maksatly desgalary gurmak işleri dowam etdiriler. Oba hojalygynda düýpli özgertmeleri geçirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ekerançylary netijeli zähmeti, ýokary hasyl almaklary üçin zerur mümkinçilikleri döretmek möhüm wezipeler hökmünde görkezildi.
R.Durdyýew özüniň maksatnamasy barada saýlawçylaryň sowallaryna jogap bermek bilen, ýurdumyzyň günbatar sebitini ösdürmek bilen baglanyşykly işler, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, raýatlaryň ýaşaýyş jaý üpjünçiligi boýunça öňde goýlan wezipeler barada aýtdy.
