13 Dek
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri 2016-njy ýylyň 11-nji dekabrynda Gyrgyz Respublikasynda geçirilen sala salşyklara Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletlerden düzülýän halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde gatnaşdylar.
Iş saparynyň dowamynda Gyrgyz Respublikasynyň saýlaw ulgamynyň işi, saýlawlar hakyndaky kanunçylygy, saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişi bilen tanşyldy. Şeýle-de, 2016-njy ýylyň 11-nji dekabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy N.Şaýldabekowa bilen duşuşyk geçirildi.
