news-img

19 Ýan

Saýlawçylaryň dykgatyna!

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklarynyň geçirilýändigini habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Annanepesow Maksat Kowusowiçiň Mary welaýatynyň M.Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda saýlawçylar bilen duşuşygy 2017-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda geçirilýär. Duşuşyk sagat 10:00-da başlanýar.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Annaýew Jumanazaryň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher häkimliginiň mejlisler zalynda saýlawçylar bilen duşuşygy 2017-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda geçirilýär. Duşuşyk sagat 10:00-da başlanýar.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Atalyýew Bekmyrat Sähetmyradowiçiň Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp adyndaky döwlet drama teatrynda saýlawçylar bilen duşuşygy 2017-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda geçirilýär. Duşuşyk sagat 10:00-da başlanýar.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Durdyýew Ramazan Mustapakulyýewiçiň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda saýlawçylar bilen duşuşygy 2017-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda geçirilýär. Duşuşyk sagat 10:00-da başlanýar.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Gurbanow Meretdurdy Isgenderowiçiň Ahal welaýatynyň Änew şäherindäki medeniýet öýünde saýlawçylar bilen duşuşygy 2017-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda geçirilýär. Duşuşyk sagat 10:00-da başlanýar.