10 Iýun
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň wekilleri 2022-nji ýylyň 5-nji iýunynda Gazagystan Respublikasynyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek meselesi boýunça geçirilen respublikan sala salşyklaryna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletlerden düzülýän halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistan döwletinden halkara synçy bolup gatnaşdylar.
Iş saparynyň dowamynda Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri Gazagystan Respublikasynyň saýlaw ulgamynyň işi, sala salşyklar hakyndaky kanunçylyk, sala salşyklarda saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişi bilen tanyşdylar. Şeýle-de, 2022-nji ýylyň 4-nji iýunynda Gazagystan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy N.Abdirowyň halkara synçylary bilen geçiren ýygnagyna, 2022-nji ýylyň 5-nji iýunynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň, Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary L.Anfimowyň GDA gatnaşyjy döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen geçiren geňeşine, 2022-nji ýylyň 6-njy iýunynda N.Abdirowyň ýolbaşçylygynda geçirilen brifinge, soňra L.Anfimowyň ýolbaşçylygynda geçirilen metbugat maslahatyna gatnaşdylar.
