news-img

18 Ýan

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça saýlaw býulleteniniň ýazgysy tassyklanyldy

Köp partiýalylyk şertlerinde geçiriljek, 2017-nji ýylyň taryhy wakasyna öwrüljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde birnäçe guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Munuň özi barha ýakynlap gelýän Prezident saýlawlarynyň demokratik ýörelgeler esasynda geçiriljekdigini görkezýär. Saýlawçylaryň öz erk-isleglerini erkin, meýletin we gizlin beýan etmekleriniň guraly bolan saýlaw býulleteni hem saýlawlary geçirmegiň esasy resminamasydyr.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 26-njy maddasynyň 16-njy bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary 2017-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda öňde boljak Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça saýlaw býulleteniniň ýazgysyny tassyklady. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 70-nji maddasyna laýyklykda, saýlaw býulletenine Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça bellige alnan dalaşgärleriň hemmesi – 9-sy (elipbiý tertibinde) girizilip, onda her bir dalaşgäriň familiýasy, ady, atasynyň ady, işleýän ýeri, eýeleýän wezipesi (käri) we ýaşaýan ýeri görkezildi.