news-img

31 Mart

Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri önümçilik tejribesinde

Hormatly     Prezidentimiziň    parasatly    baştutanlygynda, halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni uly ruhubelentlik bilen garşylap, has belent maksatlary, iň nurana arzuw-umytlary ýürekde besleýär.

Döwlet Baştutanymyz Prezident wezipesine girişmek dabarasynda  eden taryhy çykyşynda: «Öz öňümde goýan maksatlarymy üstünlikli amala aşyrmakda men, ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de merdanalygyna bil baglaýaryn». «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýdi.

Munuň özi, Watan bilen halkyň bitewüligini, jebisligini halk bilen täze saýlanan Prezidentiň arasyndaky ýokary ynamy alamatlandyrýar.

Ýeri gelende bellesek, eziz Diýarymyzda türkmen jemgyýetiniň jebisliginiň, ähli gatlaklarynyň içerki sazlaşygynyň doly keşbini beýan edýän, köppartiýalylyk esasynda, giň bäsleşik şertlerinde, demokratik  ýörelgelere laýyklykda, guramaçylykly geçirilýän dürli derejeli saýlawlar hem aýdyň­lygy bilen subut edýär. Çünki saýlawlar syýasy ulgamyň, raýat jemgyýetiniň şöhlelenmesidir we netijesidir.

Döwlet Baştutanymyzyň ýakyndan ýardam bermegi netijesinde, ata Watanymyzda saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, milli kanunlarymyza, umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda geçirilýär we saýlaw ulgamynyň işi barha kämilleşdirilýär.

Saýlaw ulgamynyň işi bilen içgin we giňişleýin tanyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejelerini ýokarlandyrmak» ugry boýunça III möwsüminde okaýan diňleýjileri nazary okuwlarda alan bilimlerini berkitmek üçin, 2022-nji ýylyň 31-nji martynda Merkezi saýlaw toparynyň edarasynda önümçilik tejribesinde boldular.

Önümçilik tejribesinde olara saýlawlary demokratik esaslarda, guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmek we geçirmek, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilen  üýtgetmeler we goşmaçalar, saýlaw toparlary, saýlaw ulgamy, saýlaw hukugy, saýlawlarda sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, şeýle hem şu ýylyň 12-nji martynda ýurdumyzda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary we onuň jemleri barada giňişleýin düşünje berildi we gyzykly sowal-jogaplar alşyldy.

Işjeňlik ýagdaýynda geçirilen önümçilik tejribesine gatnaşyjylar demokratiýanyň barha dabaralanýan ýurdunda okamaga, işlemäge, hünärlerini ýokarlandyrmaga döredýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden öz hoşallyklaryny bildirdiler.