news-img

17 Ýan

Saýlawçylaryň dykgatyna!

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklarynyň geçirilýändigini habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Annanepesow Maksat Kowusowiçiň Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda saýlawçylar bilen duşuşygy 2017-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda geçirilýär. Duşuşyk sagat 10:00-da başlanýar.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Annaýew Jumanazaryň Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp adyndaky döwlet drama teatrynda saýlawçylar bilen duşuşygy 2017-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda geçirilýär. Duşuşyk sagat 10:00-da başlanýar.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Atalyýew Bekmyrat Sähetmyradowiçiň Balkan welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda saýlawçylar bilen duşuşygy 2017-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda geçirilýär. Duşuşyk sagat 10:00-da başlanýar.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Durdyýew Ramazan Mustapakulyýewiçiň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba medeniýet öýünde saýlawçylar bilen duşuşygy 2017-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda geçirilýär. Duşuşyk sagat 10:00-da başlanýar.