news-img

11 Mart

Halkara synçylaryň wekiliýetleri bilen duşuşyk

2022-nji ýylyň 11-nji martynda günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň başlygy Gulmyrat Myradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de Garaşsyz  Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň, has takygy, Russiýa Federasiýasynyň we Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan Respublikalarynyň Merkezi saýlaw toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy. 

Şeýle-de, günüň ikinji ýarymynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Azerbaýjan, Gazagystan Respublikalarynyň Merkezi saýlaw toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy ady agzalan dostlukly döwletleriň we halkara guramalarynyň wekillerini halkara synçy hökmünde Türkmenistanda görýändigine şatdygyny mälim edip, olara 12-nji martda boljak saýlawlara taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça amala aşyrylan tapgyrlaýyn işler hem-de saýlaw kanunçylygynyň düzgünleri barada gürrüň berdi.

Duşuşygyň ahyrynda wekiller Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysyna 12-nji martda boljak möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäräniň guramaçylykly geçirilmegini arzuw etdiler.