10 Mart
Prezident saýlawlaryna syn etmek üçin şu ýylyň 9-njy martyndan başlap, ýurdumyza dünýäniň dürli künjeklerinden halkara synçylary gelip başladylar.
Halkara synçylarynyň düzüminde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlardan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan we daşary ýurt döwletlerinden wekiller bar.
Şeýle-de saýlawlara daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň ençemesiniň wekilleri hem syn ederler.
Olary Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary bellige alýar we saýlawlara halkara synçylarynyň 50-den gowragynyň syn etmegine garaşylýar.
