10 Mart
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň öz maksatnamalaryny beýan etmek üçin ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde saýlawçylar bilen geçirýän duşuşyk ýygnaklary 2022-nji ýylyň 9-njy martynda tamamlandy. Ýurdumyzda şeýle duşuşyklaryň jemi 55-e golaýy deň şertlerde geçirildi.
Duşuşygyň ilkinjisi Daşoguz welaýatynda, ahyrkysy bolsa paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirildi.
Wagyz işleriniň çäklerinde dalaşgärleriň maksatnamalaýyn çykyşlarynyň jemi 9-sy «Altyn asyr: Türkmenistan», «Miras», «Ýaşlyk», «Türkmenistan» teleýaýlymlarynda görkezilip, şeýle-de dalaşgärleriň terjimehallary, maksatnamalary «Türkmenistan», «Нейтральный Туркменистан» gazetlerinde çap edilip, deň şertlerde ilatyň dykgatyna ýetirildi.
Wagyz işleri saýlawlaryň geçiriljek gününden bir gün öň bes edilýär, ýagny 11-nji martda wagyz çärelerini geçirmek gadagan edilýär.
