news-img

14 Ýan

Saýlawçylaryň dykgatyna!

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklarynyň geçirilýändigini habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Annanepesow Maksat Kowusowiçiň Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp adyndaky döwlet drama teatrynda saýlawçylar bilen duşuşygy 2017-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda geçirilýär. Duşuşyk sagat 10:00-da başlanýar.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Annaýew Jumanazaryň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda saýlawçylar bilen duşuşygy 2017-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda geçirilýär. Duşuşyk sagat 10:00-da başlanýar.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Atalyýew Bekmyrat Sähetmyradowiçiň Ahal welaýatynyň Änew şäherindäki medeniýet öýünde saýlawçylar bilen duşuşygy 2017-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda geçirilýär. Duşuşyk sagat 10:00-da başlanýar.