03 Mart
Ýurdumyzda 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleri dowam edýär.
Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler wagyz işlerini geçirmek üçin özlerine berlen deň mümkinçiliklerden we hukuklardan peýdalanyp, ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtynda öz maksatnamalaryny beýan etmek üçin saýlawçylar bilen duşuşyk ýygnaklaryny geçirýärler hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.
Duşuşyklar jemgyýetçiligiň, edaralaryň we kärhanalaryň zähmetkeş toparlarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň, ýaşlaryň giňden gatnaşmagynda hem-de işjeň ýagdaýda geçýär. Ýurdumyzda şeýle duşuşyklaryň 50-den köprägi geçiriler.
Munuň özi türkmen jemgyýetinde demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
