news-img

22 Few

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgärleri bellige almak dowam edýär

2022-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň  gün tertibine laýyklykda,  2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenilen Türkmen döwlet  bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Hydyr Kakabaýewiç Nunnaýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Maksat Myradowiç ÖdeşowTürkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige bellige alyndy. Mejlisiň dowamynda dalaşgärlere Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy degişli  şahsyýetnamany  gowşurdy.

Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy, agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dalaşgärleri bellige almak tamamlandy.