22 Few
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 46-njy maddasyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 21-nji fewralynda raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgärler hödürlenildi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Hydyr Kakabaýewiç Nunnaýew we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Maksat Myradowiç Ödeşow dalaşgärlige hödürlenildi.
Dalaşgärleri hödürlemek boýunça raýatlaryň teklipçi toparlarynyň ýygnaklary Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler zalynda şeýle-de Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirildi.
Geçirilen ýygnaklara raýatlaryň teklipçi toparlarynyň agzalary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan şu güne çenli, dalaşgärleriň altysy hödürlenildi.
