22 Few
2022-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenilen Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Aşyrgeldiýewiç Öwezgeldiýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Atajanowiç Saryýew, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenilen «Wepaly gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň direktory Babamyrat Tirkeşowiç Meredow
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige bellige alyndy. Mejlisiň dowamynda dalaşgärlere Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy degişli şahsyýetnamany gowşurdy.
Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy, agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dalaşgärleri bellige almak dowam edýär.
