news-img

22 Few

Raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan dalaşgärler hödürlenildi

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 46-njy maddasyna laýyklykda,  2022-nji ýylyň 19-njy fewralynda raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgärler hödürlenildi. Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Aşyrgeldiýewiç Öwezgeldiýew we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Atajanowiç Saryýew dalaşgärlige hödürlenildi.

Dalaşgärleri hödürlemek boýunça raýatlaryň teklipçi toparlarynyň ýygnaklary Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki medeniýet öýiniň mejlisler zalynda şeýle-de, Mary welaýat   häkimliginiň mejlisler zalynda geçirildi.

Geçirilen ýygnaklara raýatlaryň teklipçi toparlarynyň agzalary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan şu güne çenli, dalaşgärleriň dördüsi hödürlenildi.