news-img

14 Dek

Wideomaslahat geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň nygtap belleýşi ýaly, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlar bilen halkara ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek meselesi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynynyň (GDA) Ýerine ýetiriji komitetiniň guramagynda 2021-nji 14-nji dekabrynda «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň saýlaw edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Konsultatiw geňeşini döretmek hakynda» Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça bilermenler toparynyň wideomaslahaty geçirildi.

Halkara wideomaslahatda Ylalaşygyň taslamasy GDA agza döwletleriň wekilleri tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy we degişli teklipler berildi.

Wideomaslahata GDA agza döwletleriň wekilleri bilen bir hatarda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň bilermenleri hem gatnaşdylar.

Bize şunuň ýaly halkara giňişliginde sanly ulgam arkaly geçirilýän maslahatlara gatnaşmaga mümkinçilikleri döredip berýän we ýurdumyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan hor­mat­ly Pre­zi­denti­mi­ziň ja­ny sag bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li beýik iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!