news-img

21 Okt

Däp bolan önümçilik tejribesi

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly baştutanlygynda, öňdengörüjilikli döwlet syýasaty esasynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmak meselesi aýratyn möhüm ugurlaryň biridir. Jemgyýeti demokratiýalaşdyrmakda dünýewi we hukuk döwletimizde geçirilýän dürli görnüşli saýlawlaryň hem ähmiýeti uludyr.

Döwlet Baştutanymyzyň ýakyndan ýardam bermegi netijesinde, ata Watanymyzda saýlawlar demokratik ýörelgelere laýyklykda geçirilýär we saýlaw ulgamynyň işi barha kämilleşdirilýär.

Indi ençeme ýyllardan bäri däp bolşy ýaly, saýlaw ulgamynyň işi bilen içgin we giňişleýin tanyşmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejelerini ýokarlandyrmak» ugry boýunça I möwsüminiň diňleýjileri Merkezi saýlaw toparynyň edarasynda önümçilik tejribesinde boldular.

Önümçilik tejribesinde olara saýlawlary demokratik esaslarda, guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmek we geçirmek, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilen  üýtgetmeler we goşmaçalar, saýlaw toparlary, saýlaw ulgamy, saýlaw hukugy barada giňişleýin düşünje berildi we gyzykly sowal-jogaplar alşyldy.

Işjeňlik ýagdaýynda geçirilen önümçilik tejribesine gatnaşyjylar demokratiýanyň barha dabaralanýan ýurdunda okamaga, işlemäge, hünärlerini ýokarlandyrmaga döredýän mümkinçilikleri üçin Arkadag Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.