03 Iýul
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak işi ýokary depginler bilen dowam edýär. Elbetde, bu işler saýlaw ulgamynda hem öz mynasyp beýanyny tapýar.
Ýakynda «Prezident saýlawlaryny geçirmegiň konstitusion-hukuk esaslary: Özbegistanyň we ösen ýurtlaryň tejribeleri» atly Özbegistan Respublikasynyň guramagynda halkara onlaýn konferensiýasy geçirildi.
Konferensiýanyň dowamynda saýlawlaryň konstitusion-hukuk esaslary baradaky çykyşlaryň 18-si diňlenilip, oňa 71 adam gatnaşdy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň hukukçysy hem bu konferensiýa gatnaşdy.
Bize şunuň ýaly giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara at-abraýyny mundan beýläk-de ýokary derejelere çykarmak ugrunda alyp barýan işleri rowaç alsyn!
