news-img

03 Iýul

Welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlary täzeden döredildi

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli, giň gerimli işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne mahsus ýagdaýda rowaçlanýar. Ýurdumyz bu gün demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmak ýoly bilen öňe ynamly gadam urýar. Demokratik şertleriň çäklerinde ýurdumyzda her bir türkmen raýatynyň saýlaw hukuklarynyň üpjün edilmegine hem uly üns berilýär.

Saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmeginde, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň kanunalaýyk üpjün edilmeginde ýurdumyzda hereket edýän saýlaw toparlarynyň möhüm orny bardyr.

Welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň bäş ýyllyk ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, toparlar täzeden döredildi. Welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlaryny täzeden döretmek işleri Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Merkezi saýlaw topary tarapyndan tassyklanylan meýilnama esasynda guramaçylykly amala aşyryldy.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda, welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleri hödürlemek işleri syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň welaýat, Aşgabat şäher guramalarynyň mejlislerinde, şeýle hem raýatlar toparlarynyň ýygnaklarynda geçirildi.  

Has takygy:

Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan  20;

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 4; 

Türkmenistanyň Agrar partiýasyndan 6;

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklaryndan 15;

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyndan 8;

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginden 5;

Raýatlaryň toparlaryndan 8.

Mejlisler we ýygnaklar aýanlyk, açyklyk ýagdaýynda, demokratik esaslarda geçirildi. Welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlary özleriniň birinji mejlislerini geçirip, onda toparyň başlygyny, başlygynyň orunbasaryny we kätibini saýladylar. Şeýlelikde, bu saýlaw toparlarynyň düzümi 11 agzadan ybarat boldy. Welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň täze düzüminiň agzalaryna şahsyýetnamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň täze düzümi geljek bäş ýylyň dowamynda ýurdumyzda demokratik esaslarda geçiriljek dürli görnüşli saýlawlara işjeň gatnaşar.

Eziz Diýarymyzyň demokratik ýol bilen gülläp ösmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Umumadamzat, il-ýurt bähbitli tutumly işleri, demokratik başlangyçlary hemişe rowaç bolsun!