01 Apr
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Mejlisde ýurdumyzda şu ýylyň 28-nji martynda geçirilen möhüm syýasy çäräniň — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň gutarnykly netijeleri jemlenildi.
Mälim bolşy ýaly, bu saýlawlar saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, göni däl saýlaw hukugynyň esasynda, geçirildi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň düzümine saýlanan agzalar ýakyn geljek bäş ýylyň dowamynda döwletimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde uly ähmiýete eýe bolan milli maksatnama-laryň durmuşa geçirilmegine öz mynasyp goşantlaryny goşarlar.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy welaýatlardan we Aşgabat şäherinden Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanylanlara agzalyk şahsyýetnamalaryny gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň raýatlarynyň öz pikirini aýan etmäge, döwlet ähmiýetli meselelere işjeň gatnaşmaga bolan konstitusion hukugynyň amala aşyrylmagynyň wajypdygyny nygtap belleýär.
Saýlawlaryň ähli tapgyry açyklyk, aýanlyk esasynda ýurdumyzyň Konstitusiýasyna hem-de Saýlaw kodeksine, halkara kadalaryna laýyklykda geçdi. Ähli dalaşgärlere saýlawlaryň öňüsyrasyndaky çäreleri, saýlawçylar bilen duşuşyklary guramak üçin deň şertler we mümkinçilikler döredildi.
Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça milli parlamentiň hil taýdan täze, iki palataly düzüminiň döredilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşiniň hukuk esaslarynyň berkidilmegini, döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün eder.
