news-img

27 Mart

Wagyz işleri tamamlandy

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 63-nji maddasyna laýyklykda, wagyz işleri dalaşgäriň bellige alnan gününden başlanýar we saýlawlaryň geçiriljek gününden bir gün öň bes edilýär.

Ýurdumyzda bu möwsümi ýokary guramaçylykly we milli demokratik ýörelgelere laýyklykda, açyklyk, aýanlyk ýagdaýynda geçirmek maksady bilen ähli dalaşgärlere deň şertleriň döredilendigini turuwbaşdan bellemek gerek.

Wagyz işleriniň çäklerinde  welaýatlarymyzda hem-de Aşgabat şäherinde geçirilen duşuşyk ýygnaklarynda saýlawçylar dalaşgärleriň terjimehallary we hormatly Prezidentimiziň il-ýurt, umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen maksatnamalary bilen giňişleýin tanyşdylar. Dalaşgärleriň ynanylan adamlarynyň, milli synçylaryň gatnaşmagynda işjeňlik hem-de aýanlyk şertlerinde geçirilen bu duşuşyk ýygnaklarynyň barşynda dalaşgärler saýlawçylaryň sowallaryna hem jogap berdiler.

Ýurdumyz boýunça bellige alnan jemi 112 dalaşgär üçin duşuşyk ýygnaklarynyň jemi 24-si geçirilip, her bir ýygnaga birnäçe dalaşgär gatnaşdy.

Merkezi saýlaw toparynyň internet-saýtynda (saylav.gov.tm) Merkezi saýlaw toparynyň saýlaw möwsümine dahylly kabul eden kararlary, düzgünnamalar we gollanmalar, täzelikler we habarlar öz wagtynda yzygiderli ýerleşdirildi.

Ýekşenbe güni — 28-nji martda welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň, ýagny saýlawçylaryň öňünde dalaşgärleriň arasyndan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna has mynasyp adamlary gizlin ses bermek arkaly göni däl (gytaklaýyn) saýlaw hukugynyň esasynda saýlamak wezipesi durýar.

Şeýlelikde, saýlawlar güni 48 mandat üçin 112 dalaşgär, ýagny 1 ýer üçin 2-3 dalaşgär bäsleşer.