16 Mart
2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça wagyz işleri dowam edýär.
Welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalary— saýlawçylar bilen dalaşgärleriň geçirýän duşuşyk ýygnaklary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde guramaçylykly geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli demokratiýanyň ýene bir aýdyň ýüze çykmasynyň şaýady boljak bu duşuşyklara milli synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem işjeň gatnaşýarlar.
Merkezi saýlaw toparynda bellige alnan dalaşgärler şu güne çenli duşuşyk ýygnaklarynyň 13-sini geçirdiler. Şol ýygnaklarda dalaşgärleriň 58-si saýlawçylar—ýerli halk maslahatlarynyň agzalary bilen duşuşdylar.
Duşuşyklarda saýlawçylar dalaşgärleriň ynanylýan adamlarynyň çykyşlary arkaly dalaşgärleriň terjimehallary bilen tanyşmaga mümkinçilik alýarlar. Şeýle-de, dalaşgärler hem özleriniň maksatnamalary bilen duşuşyga gatnaşyjylary giňişleýin tanyşdyrýarlar.
Bu duşuşyk ýygnaklarynyň barşynda dalaşgärler saýlawçylaryň sowallaryna hem jogap berýärler.
Dalaşgärlerleriň wagyz işleriniň çäklerinde saýlawçylar bilen geçirilýän duşuşyk ýygnaklary 26-njy marta çenli dowam eder.
