16 Mart
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň – saýlawçylaryň ses bermekleri üçin saýlaw uçastoklarynyň 6-sy döredildi.
Saýlawlar güni, ýagny 2021-nji ýylyň 28-nji martynda welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň ses bermek boýunça mejlisleriniň geçiriljek ýerleri we ses berjek saýlaw uçastoklary aşakdaky görkezilen binalarda ýerleşýär:
Aşgabat şäheri. «Mekan» köşgi;
Ahal welaýaty. Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki Medeniýet öýi;
Balkan welaýaty. Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýy;
Daşoguz welaýaty. Welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýy;
Lebap welaýaty. Welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýy;
Mary welaýaty. Kemine adyndaky döwlet drama teatry.
