10 Mart
Milli Liderimiziň ynsanperwer başlangyçlary esasynda, demokratik ýörelgeler barha giň gerim alýan asuda, parahat ýurdumyzda, häzirki wagtda mart aýynyň 28-inde boljak Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça bellige alnan dalaşgärleriň saýlawçylar, ýagny welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalary bilen duşuşyk ýygnaklary başlandy.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçirilende dalaşgärlere, dalaşgärleriň ynanylan adamlaryna wagyz işlerini erkin geçirmek üpjün edilýär. Wagyz işleri dalaşgäriň bellige alnan gününden başlanýar we saýlawlaryň geçiriljek gününden bir gün öň bes edilýär.
Saýlaw möwsüminiň wagyz işleriniň çäklerinde geçirilýän duşuşyk ýygnaklarynda saýlawçylar dalaşgärleriň terjimehallary we hormatly Prezidentimiziň il-ýurt, umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen maksatnamalary bilen giňişleýin tanyşýarlar.
Dalaşgärleriň ynanylan adamlarynyň, milli synçylaryň hem gatnaşmagynda işjeňlik hem-de aýanlyk şertlerinde geçirilýän bu duşuşyk ýygnaklarynyň barşynda dalaşgärler saýlawçylaryň sowallaryna hem jogap berýärler.
Munuň özi saýlawlar güni dalaşgärleriň mynasypdan mynasybynyň saýlanmagy üçin zerurdyr.
Duşuşyk ýygnaklarynda çykyş edenler Türkmenistanyň merdana, agzybir halkyny demokratik ýol bilen eşretli, bagtyýar durmuşa ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
