08 Mart
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 6 belgili 50-nji maddasyna laýyklykda, şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça dalaşgärleri bellige almak 7-nji martda tamamlandy. Dalaşgärleriň 17-si welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlary, 95-si etrap, şäher halk maslahatlary tarapyndan hödürlenilip, ýurdumyzda dalaşgär hödürlemek boýunça mejlisleriň jemi 56-sy geçirildi.
Hödürlenilen jemi 112 dalaşgäriň hemmesi Merkezi saýlaw toparynda bellige alyndy. Dalaşgärleriň 83-si, 74,11 göterimi erkekler, 29-sy, 25,89 göterimi zenanlardyr. Dalaşgärleriň terjimehallary «Türkmenistan» we «Нейтральный Туркменистан» gazetlerinde çap edilip, ilatyň dykgatyna ýetirildi. Şeýlelikde saýlawlar güni 48 mandat üçin 112 dalaşgär bäsleşer. Munuň özi 1 ýer üçin 2-3 dalaşgäriň bäsleşjekdigini görkezýär.
