08 Few
Türkmenistanda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň 28-nji martda boljak saýlawlaryna işjeň taýýarlyk görülýär. Saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, 6-njy fewralda dalaşgärleri hödürlemek çärelerine badalga berildi. Halk Maslahatyna agzalyga dalaşgärleri welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary öz mejlislerinde hödürleýärler. Olaryň dowamynda ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasyna halk wekili bolmaga mynasyp dalaşgärler görkezilýär. Dalaşgärleri hödürlemegiň tertibine laýyklykda, syýasy partiýalar, raýat toparlary welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalary bolan wekilleriniň üsti bilen Halk Maslahatyna agzalyga dalaşgärleri hödürläp bilýärler.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty 56 agzadan ybarat bolup, olardan 48-si welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde göni däl (gytaklaýyn) saýlaw hukugynyň esasynda gizlin ses bermek arkaly her welaýatdan we Aşgabat şäherinden saýlanylýar, 8-si Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.
Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda her welaýatyň, Aşgabat şäheriniň çägi sekiz mandatly bir okrug bolýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlaw gününe çenli 30 ýaşy dolan, ýokary bilimli we Türkmenistanda on ýylyň dowamynda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty hödürlenilip bilner.
Saýlaw kodeksine laýyklykda, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde dalaşgärleriň çäklendirilmedik sanawy ara alnyp maslahatlaşylyp bilner. Ýygnaga gatnaşýanlaryň her biri dalaşgärler hakynda öz tekliplerini aýdyp, olar bilen baglanyşykly meseleler barada pikir alşyp, hödürlenilýänleri goldap ýa-da olara garşy çykyp, şeýle hem ara alyp maslahatlaşmak üçin özlerini dalaşgärlige görkezip bilýärler.
Munuň özi saýlawlaryň bäsdeşlik ugurlaryna doly gabat gelýär. Saýlawlaryň açyklygy we aýdyňlygy olara milli synçylaryň gatnaşmagyna ýardam edýär.
Dalaşgärleri hödürlemek saýlawlara 25 gün galanda tamamlanýar. Halk Maslahatyna agzalyga dalaşgärleri bellige almak Merkezi saýlaw topary tarapyndan saýlawlaryň başlanmagyna 45 gün galanda başlanýar hem-de ol saýlawlara 20 gün galanda tamamlanýar.
