27 Ýan
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 6-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça dowam edýän jemgyýetçilik-syýasy çäräniň çäklerinde milli synçylary bellige almak geçirildi. Olar şu pursatdan başlap özleriniň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde saýlaw işine syn etmegi amala aşyrarlar.
Milli synçylary bellemek hukugy syýasy partiýalara, jemgyýetçilik birleşiklerine, raýatlaryň toparlaryna we dalaşgärlere degişlidir.
Şu güne çenli Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýasyndan jemgyýetçilik guramalaryndan, şeýle hem raýatlar toparlary tarapyndan
436 synçy, şol sanda Ahal welaýaty boýunça 61, Balkan welaýaty boýunça 88, Daşoguz welaýaty boýunça 80, Lebap welaýaty boýunça 83, Mary welaýaty boýunça 92 hem-de Aşgabat şäheri boýunça 32 synçy bellige alyndy.
Bellige alnan milli synçylaryň hemmesine degişli şahsyýetnamalar gowşuryldy.
Milli saýlaw kanunçylygyndaky üýtgetmeler, öňde boljak saýlawlary geçirmegiň tertibi şeýle-de özleriniň wezipe borçlary bilen has giňişleýin tanyşmaklaryna mümkinçilik dörediler we olar üçin okuw maslahatlary guralar.
