07 Ýan
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň geçen ýylyň 28-nji noýabrynda geçiren mejlisinde kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek birinji saýlawlary boýunça saýlaw möwsüminiň 2021-nji ýylyň 2-nji ýanwaryndan başlanýandygy yglan edildi.
Häzirki wagtda Merkezi saýlaw topary tarapyndan tassyklanan çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri giň gerim bilen dowam edýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça gollanmalar, ýatlamalar, kadalaşdyryjy hukuk namalary taýýarlanyldy.
Syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri we raýatlar toparlary tarapyndan milli synçylary bellemek işleri hem dowam edýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň baharynda geçiriljek saýlawlar bilen baglanşykly taýýarlyk işlerinden çen alsak, bu saýlawlaryň milli ýörelgelerimize hem-de halkara kadalaryna laýyklykda, demokratik şertlerde geçiriljekdigine göz ýetirýärsiň.
