05 Okt
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriler
2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň üçünji mejlisi geçirildi.
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän ýylda bu taryhy ähmiýetli umumymilli forumda hormatly Prezidentimiziň demokratik başlangyçlary esasynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi bilen iki palataly parlament ulgamyna geçildi.
Munuň özi Türkmenistanda parlamentarizmiň we demokratik özgertmeleriň ösüşinde täze tapgyryň başlanandygyny aňladýar.
Ýurdumyzda Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmeler demokratik ýörelgelere hil taýdan itergi berip, Watanymyzyň şöhratly taryhyna möhüm sahypany ýazýar. Çünki, hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, «Döwlet häkimiýetiniň aýratyn şahasy hökmünde Parlament ýurduň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşynda halk demokratiýasyny berkarar etmegiň aýrylmaz guralydyr».
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň karary bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň (Parlamentiniň) Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryny 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirmek bellenildi. Şeýle hem Parlamentiň bu palatasynyň agzalarynyň saýlawlary bilen bagly guramaçylyk işlerini geçirmeklik tabşyryldy.
