news-img

29 Maý

Türkmen halysynyň baýramy

Türkmen halysy halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan, umumyadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen ajaýyp sungaty saýylýar.  Bu  sungat nesillerden-nesillere geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Türkmen halysy özüniň gözelligi bilen dünýäde uly meşhurlyga  eýedir.   

Häzirki döwürde halyçylyk sungatyny ösdürmäge, türkmen halylarynyň iň gadymy nusgalaryny dikeltmäge, bu ajaýyp sungaty ylmy esasda hemmetaraplaýyn öwrenmäge aýratyn üns berilýär. El halyçylygynyň, türkmen halkynyň gadymdan gelýän halyçylyk däpleriniň ösdürilmeginiň aňyrsynda hormatly Prezidentimiziň uly aladalary durandyr. Has takygy, milli Liderimiziň türkmen  halylarynyň   gözelligini wasp edýän «Janly rowaýat» we «Arşyň nepisligi» atly eserleri-de  milli halyçylyk sungatynyň gadymy däplerini wagyz etmek işine   uly goşant bolup hyzmat  edýär. Hormatly Prezidentimiziň «Janly rowaýat» kitabyndaky:  «Biziň döwletimiziň ýene-de bir genji-hazynasy taýsyz çeper eserler bilen deňleşdirilen ajaýyp halylarymyzdyr» diýen setirleri türkmen halyçylyk sungatyna berlen mynasyp bahadyr.

2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň hödürlemegi boýunça türkmen milli halyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüt komitetiň agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Munuň özi türkmen zenanlarynyň çeper elleriniň gudraty bilen döredilen nepis halylaryň dünýä bileleşigi tarapyndan ajaýyp sungat ýadygärligi hökmünde ykrar edilendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda-da türkmen halyçylarynyň daraklarynyň sesi, goý,  batly ýaňlansyn!