news-img

20 Mart

Ynsanperwerligiň, gözelligiň baýramy

Pederlerimizden miras galan Milli bahar baýramymyz, Nowruz diňe bir bahar baýramy bolmak bilen çäklenmän, eýsem gözelligiň gözbaşy, milli däp-dessurlaryň özboluşly hazynasy, gözel ýaşaýyşyň ýaraşygy, rysgal-berekediň sakasy hasap edilýär.

2009-njy ýylda Nowruz baýramçylygynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşulmagy dünýä halklarynyň medeni mirasynyň has-da baýlaşmagyna getirdi.

Dünýäniň ençeme döwletleriniň Nowruz gününi halkara baýramçylygy hökmünde belläp geçmek baradaky başlangyjy 2010-njy ýylyň 23-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan goldanyldy. Şondan bäri her ýylyň 21-nji martynda Nowruz güni halkara derejesinde uly dabara bilen bellenilip geçilýär.

Halkara Nowruz baýramynyň 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyzda guramaçylykly geçirilmegi sebitdäki döwletleriň dostlukly gatnaşyklarynyň, şeýle hem parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagynyň aýdyň subutnamasy boldy.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany»  ýylynda ýurdumyzda geçirilýän Nowruz baýramy halklaryň arasynda parahatçylygy pugtalandyrýan, dost-doganlyk ýörelgelerini tassyk edýän dabara hökmünde bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasat bilen belleýşi ýaly, Milli bahar baýramy – Nowruz türkmen halkynyň döredijiliginiň, ruhubelentliginiň hem-de tutanýerli zähmetiniň aýdyň beýanyna öwrülip, ösüşiň has belent sepgitlerine çagyrýar we biziň ýüreklerimizde   Watanymyza buýsanç duýgusyny berkidýär.