13 Mart
Biziň ýurdumyzda ýazky bag ekmek möwsümini guramaçylykly geçirmek indi özboluşly däbe öwrülip gitdi. Bahar paslynyň gelmegi bilen obadyr kentlerimizde her bir ynsan dürli bag nahallaryny ekmek bilen meşgullanýar. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza hem-de welaýatlara gözegçilik edýän orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda ýakynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatynda ýurdumyzyň baş şäherinde hem-de welaýatlarda alnyp barylýan durmuş-ykdysady özgertmeler, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, umumymilli baýramçylyklara taýýarlyk görlüşi hem-de ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli gurlup, ulanmaga bermek göz öňünde tutulýan önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meselelere seredip, Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününe hem-de köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görlüşine aýratyn üns berdi.
Milli Liderimiz paýtagtymyzda hem-de onuň töwereklerinde bag ekmek dabarasyny guramak bilen baglanyşykly degişli tabşyryklary berip, jemagat gulluklarynyň sazlaşykly işlemeginiň, şäher hojalygyny dolandyryş ulgamyna öňdebaryjy sanly tehnologiýalary anyk ornaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.
Tebigatyň bezegi saýylýan baglary köp oturtmak meselesine aýratyn ähmiýet berilýän Türkmenistanda bu ýyl miweli baglaryň nahallaryny has köp ekmek göz öňünde tutulýar. Şonuň bilen birlikde ýurduň paýtagtynyň, welaýatdyr etrap merkezleriniň daş-töwereklerinde emele gelen emeli tokaýlara hyzmat etmek işi kämilleşdirilýär. Bu tokaý zolaklaryndaky baglaryň özboluşly faunasy we florasy emele geldi. Bu gün olary hünärmenlerdir alymlar bilen bilelikde ylmy taýdan öwrenmegiň pursady gelip ýetdi. Şeýle hem bu tokaý zolaklaryny damjalaýyn usul bilen suwarmakda Türkmenistanda oýlanyşykly işler ýola goýulýar. Ýurduň dürli ministrlikleridir pudak edaralaryna bölünip berlen ýerlerde ýetişdirilen tokaý zolaklaryny görmäge göz gerek!
Tokaý zolaklaryna ideg etmek işleri bilen bag ekmek möwsümini guramaçylykly geçirmäge taýýarlykly gelen ildeşlerimize üstünlik arzuw edýäris.
