24 Few
2020-nji ýylyň 18-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň birnäçe orunbasarlarynyň we käbir pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirende, ýurdumyza BMG-niň Baş Assambleýasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny buýsanç bilen habar berdi. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynyň jemleýji resminamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde beýan edilendigini hem-de onuň bu guramanyň resmi dillerinde çap edilendigini aýdyp, bu hoş habar mynasybetli halkymyzy we ýurdumyzyň ähli diplomatik işgärlerini gutlady. «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynyň jemleýji resminamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde beýan edilmegi, şeýle hem onuň bu guramanyň resmi dilleriniň ählisinde çap edilip, dünýä giňden ýaýradylmagy Milli Liderimiziň amala aşyrýan tutumly işleriniň hem-de daşary syýasat ugrunyň dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
